ГлавнаяИсполнителиPalwan HalmyradowYalnyz sazanda
название:

Yalnyz sazanda


автор:

Palwan Halmyradow


рейтинг: ★★★★★ / 5.4 / 1394 просмотра
Aýlanyp saz çalýan köçeme-köçe
 Millet içre restoranda barlarda
 Ýok men mes bolamok al şerap içip
 Ýa minnet çekemok ynjyk ýarlardan

Men gedaý, hiç kime elime seremok
 Men Hudaý, hiç kime edemok höküm
 Ýöne men saz çalýan yzyny üzmän
 Men saz çalýan şu dünýede parahat

Çal sazyňy tarlaryňy çitikläp
 Çal sazyňy paýradyp gözýaşygy
 Goý üstüňden gülübersin süpükler
 Üns berme çal sazyňy ýaşlygym

Millet şerap süzýär sen gözüň süzýäň
 Millet arabaly a sen pyýada
 Ýöne sen saz çalýaň yzyny üzmän
 Sen saz çalýaň şu gowgaly dünýäde

Men dünýeden doýmadym doýurdylar deýýuslar
 Yşgyň täjin sypyrdylar başymdan
 Weýran bolmuş köne şowhunly ýurtlar
 Bir men galdym şol öňkije bolşumdan

Barly wagtym meýlis gurdum barymdan
 Ýoksul wagtym ýeke teňňä geçmedim
 Göwherdim men gara guma gardylar
 Derýadym men gurap galdym çeşmedim

Ýigrendiler aşa söýenim üçin
 Meýdimi öz yşkym bilen ýakdylar
 Gowgaly dünýeden gitjekdim gaçyp
 jennede goýbermedi sakçylar

Послушать/Cкачать эту песню
Mp3 320kbps на стороннем сайте
А как ты думаешь, о чем песня "Yalnyz sazanda" ?
2010-2020 © WebKind.Ru Тексты песен